Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasyndaky syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçdiler.

Hususan-da, Beýik Britaniýanyň telekeçilik pudagynyň wekilleriniň şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýmak» (IFT 2025) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna gatnaşmagynyň netijeliligi bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaý bilen baglanyşykly Birleşen Patyşalygynyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu ädimiň Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýandygy bellenildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993