29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Işewür döwlet Baştutanymyzy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi.
“Toyo Engineering” korporasiýasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Türkmenistanyň Prezidenti bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.