Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny belledi

Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny belledi

29-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamdowa doglan gününi gutlap iberen hatynda onuň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny belledi.

“Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ýokary döwlet wezipelerinde işlän ýyllaryňyzda Siz watandaşlaryňyzyň uly hormat-sarpasyna, daşary ýurtlarda ägirt uly abraýa eýe bolduňyz. Siziň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyňyz örän uludyr. Bu gatnaşyklaryň biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň hem-de sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýlip, metbugatda çap edilen hatda aýdylýar.

W.Putin hatynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we üstünlik arzuw edýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993