Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisi bilen bilelikdäki iri taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisi bilen bilelikdäki iri taslamalary maslahatlaşdy

30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyşygyň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady, energetika ugurly hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. 

Häzirki wagtda ýurtlarymyz sebitde iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirýärler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu taslamalaryň geljekde tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berjekdigine, şeýle hem Farýal Legariniň täze bellenen ilçi hökmünde iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmak arkaly bu iri taslamalary amala aşyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ilçi Pakistanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, Pakistan Türkmenistanyň Günorta Aziýa sebitinde iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993