Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.