“Türkmengaz” DK-nyň “Nesil” çagalar sagaldyş merkezinde “Sport – milletiň saglygy” atly bäsleşik geçirildi

“Türkmengaz” DK-nyň “Nesil” çagalar sagaldyş merkezinde “Sport – milletiň saglygy” atly bäsleşik geçirildi

«Türkmengaz» DK-nyň Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde «Sport – milletiň saglygy» atly sport bäsleşigi geçirildi.

Çäräni Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň geňeşi bilelikde gurady.

«Nesil» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar dürli sport görnüşleri boýunça güýç synanyşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň jemlerine görä, gatnaşyjylara sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirýän sowgatlar gowşuryldy diýip, Demokratik partiýanyň Bagtyýarlyk etrap komitetinde habar berdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993