Mary welaýaty boýunça nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryna laýyklykda we hünär bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde geçen ýyl Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň okuw merkeziniň okuw bölümi açyldy.
Açylandan bäri bu okuw bölüminde “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň geologik gözleg ekspedisiýalarynda işleýän 630 hünärmen we işçi okuw geçdi. Okuwlara gatnaşyjylar burawlaýyş tehnologiýalarynyň häzirki zaman usullaryny, tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça döwrebap usulyýetleri öwrenýärler we häzirki zaman enjamlarynda amaly başarnyklary edinýärler.
Okuwlar iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan synp otaglarynda we barlaghanalarda geçirilýär. Okuwlar sanly ulgamlar, interaktiw tagtalar, proýektorlar we ýöriteleşdirilen diwarlyklar arkaly guralýar. Mugallymlar bolsa önümçilik tejribesi baý bolan ýokary derejeli hünärmenlerdir.
Okuw bölüminiň ýolbaşçysy Baýmyrat Ýagmyrowyň habar bermegine görä, golaýda iň iri känleriň biri bolan “Galkynyş” käniniň çäginde häzirki zaman kebşirleýiş usullary, şol sanda argonly kebşirlemek boýunça amaly sapak geçirildi. Ýakyn geljekde sebitdäki beýleki kärhanalaryň esasynda hem amaly okuwlary giňeltmek meýilleşdirilýär.
Bu tejribe hünär ussatlygynyň nebitgaz pudagynyň we umumy ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün edýän möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny görkezýär.