Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň gazananlarynyň sergisi geçiriler

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň gazananlarynyň sergisi geçiriler

Awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň ýeten derejesine degişli maglumatlary beýan edýän sergiler guralar diýip, TDH habar berýär.

Sergiler maslahatyň geçirilýän toplumynyň binalarynyň ýörite gurlan dälizler arkaly birikdirilen ýerlerinde ýerleşdiriler we köpugurly häsiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda maslahatyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi, bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda halkara hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, BMG tarapyndan amala aşyrylýan uzak möhletleýin, giň möçberli strategiýalara, maksatnamalara we taslamalara saldamly goşant goşýandygyny aýratyn nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem 2022-nji ýylda BMG-niň howandarlygynda ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty boldy. Şu ýylyň awgustynda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amal etmegi we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagy baş maksat edinýändigini görkezýär.

“Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar” diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993