Türkmenistan ÝB bilen ulag, energetika we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkidýär

Türkmenistan ÝB bilen ulag, energetika we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkidýär

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki taslamalary işjeň durmuşa geçirmäge gyzyklanmasyny tassyklady. Bu barada Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝB-niň ýanyndaky ilçileri bilen Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktoratynyň sebit direktory Peteris Ustupsyň duşuşygynyň dowamynda agzalyp geçildi. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar merkezi resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ulag, söwda we energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny belledi. Bu gatnaşyklaryň maksady özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we sebitiň doly mümkinçiliklerini açmakdan ybarat.

Duşuşykda taraplar “Merkezi Aziýa – ÝB” ilkinji sammitiniň netijelerini hem-de 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum we Ykdysady forumlara taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Garaşylyşy ýaly, bu forumlar anyk başlangyçlary öňe sürmek üçin möhüm meýdança bolar. Esasy üns halkara ulag geçelgelerine, möhüm çig mal serişdeleri babatda hyzmatdaşlyga, şeýle hem ýaşyl energetika we durnukly ösüş ugurlaryndaky taslamalara gönükdiriler.

Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Ýewropa Maýa Goýum Banky (EIB) we Ýewropa Täzeleniş we Ösüş Banky (EBRD) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine hem üns berdiler.

Mundan ozal Türkmenistan bilen Ýewropa Maýa Goýum Banky anyk maýa goýum taslamalaryny taýýarlamak we degişli hyzmatdaşlyk Ähtnamalary işläp düzmek boýunça özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny bildiripdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993