Türkmenistanyň biržasynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler bilen eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň biržasynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler bilen eksport geleşikleri baglaşyldy

Penşenbe güni, 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşarky bazarda bolşy ýaly, içerki bazarda hem uly geleşikler hasaba alyndy.

Birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystandan işewürler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden hlorly natriý we Özbegistandan işewürler «Türkmengaz» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi ABŞ-nyň 86 mln dollaryna we 59 million manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy diýlip, TDHÇMB-niň saýtynda habar berilýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993