Okuw-tanyşlyk tejribeligi geçirildi

Okuw-tanyşlyk tejribeligi geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň (YBTGI) barlaghanalarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary okuw-tanyşlyk tejribeligini geçdiler.

Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlary we tejribeli hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamak, ylmy işe höweslendirmek maksady bilen, institutyň hasabynda bar bolan döwrebap tehnologik enjamlar we abzallar barada tanyşdyryş, tejribe işleri yzygider geçirilýär.

Nebitgaz toplumynyň geljekki ýokary bilimli ýaş hünärmenleri buraw erginleriniň we himiki reagentleriň synaglaryny geçirmekde, gaz desgalaryny poslamadan goramakda, gaz çykaryş tehnologiýalaryny, gazyň, kondensatyň düzümini barlamakda, gidrogeologiýa, guýularda ýuwuş, berkitme erginleri bilen bagly işleri geçirmekde we beýleki ugurlarda YBTGI-niň laboratoriýalarynda, hususan-da, «Galkynyş» gaz käniniň geologo-geofiziki we buraw maglumatlarynyň çalt derňewi laboratoriýasynda ornaşdyrylan Petrel-Eclipse programma üpjünçilikleri toplumynyň ýerine ýetirýän işlerini giňişleýin öwrenmekde okuw-tanyşlyk, önümçilik tejribelikleriniň geçirilmegi talyplaryň ele alýan hünäriniň inçe syrlaryna çuň düşünmegini, bilimleriniň iş bilen berkidilmegini şertlendirdi.

YBTGI-niň laboratoriýalarynda tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylyk etmeginde halypa-şägirtlik ýoluny ileri tutup, ýaş alymlary taýýarlamak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň okaýan ugurlary boýunça ylmy-barlag tematiki we barlaghana synaglarynyň esasynda öz ylmy işlerini utgaşyklykda alyp barmagy olary kämilleşdirýär.

Mundan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-ny tamamlap, zähmet ýoluna düşen ýaş hünärmenleriň bellenilen bölümlerinde hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen, institutyň tassyklan tematiki meýilnamasynyň çäklerinde alyp baran ylmy-barlag işleriniň hasabatlarynyň diňlenilendigini bellemelidir.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993