TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt  puluna Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), suwuklandyrylan gazy, şeýle hem hlorly natrini (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekillerine arassalanmadyk guradylan buýan köki, boýalan matalar we erkek köýnekler, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň  jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak  boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5  million 818 müň manatdan gowrak bolan buýan köküniň goýy ekstraktyny, binýatlyk ýagy, gazbeton bloklaryny, pagta soapstogynyň hem-de pagtanyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993