Şu günlerde Balkanabadyň Hazar şäherçesiniň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Gara altyn” çagalar sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärleriň çagalary tomusky dynç alşyny geçirýärler.
Bu merkez her ýyl tomus paslyndaky dört tapgyrda 1600 çagany kabul edýär.
Çagalaryň rahat we medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertler döredilen: ýatylýan otaglar, naharhana, okalga zaly bolan kitaphana, dynç alyş otaglary we kompýuter zallary hereket edýär. Şeýle hem bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ýörite sport meýdançalary bar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.
Çagalar medeni-köpçülikleýin çärelerde, konsertlerde we sahna oýunlarynda işjeň çykyş edýärler. Bu ýerde şatlyk, ýylgyryş we dostluk ruhy höküm sürýär. Guralýan gezelençler bolsa çagalaryň ýadyndan çykmajak täsirleri berýär.
Dynç alyş döwründe oglan-gyzlar dürli gurnaklara gatnaýarlar, bilim we dynç alyş bäsleşiklerine gatnaşýarlar.