Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy parlamentara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy parlamentara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dialogyň, gender deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de taraplaryň üstünlikli tejribesiniň mundan beýläk-de bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Şunda parlamentara dialogy ösdürmekde ýurtlarymyzyň Mejlislerinde döredilen dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi, olaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda parahatçylygy goramakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmekde parlamentleriň wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993