Türkmen jemgyýetinde zenanlara möhüm orun degişlidir

Türkmen jemgyýetinde zenanlara möhüm orun degişlidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümlerinde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlar we gazyp alma bölüminiň başlygynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Altyn Seýitgulyýewa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi Sähragül Akmyradowa, Aşgabat şäherindäki 165-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa, Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulsabyr Rejepowa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni Baýramsoltan Myradowa dagy çykyş etdi.

Olaryň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, türkmen zenanlaryna asyllylyk, edep-ekramlylyk, salykatlylyk, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek mahsus bolup, çaga terbiýesinde olara möhüm orun degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda nesilleri ene-mamalarymyzdan miras galan ýörelgeler esasynda milli ruhda terbiýelemekde has giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyna, talabalaýyk dynç almagyna, saglygyny pugtalandyrmagyna, göwün söýen kärinde zähmet çekmegine, ýokary durmuş şertlerinde ýaşamagyna ähli mümkinçilikler döredildi. Zenanlar bu günki günde jemgyýetde wajyp orny eýeleýärler, erkekler bilen deň hatarda islendik pudakda üstünlikli zähmet çekýärler. Häzirki döwürde zenanlaryň jemgyýet bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar.

Çykyşlarda ýurdumyzdaky ägirt uly özgerişleriň ene-mamalarymyzy, gyz-gelinlerimizi buýsandyrýandygy, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygy aýratyn bellenildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993