Türkmenistan we HHR energetika ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär - DIM

Türkmenistan we HHR energetika ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär - DIM

21-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda geçirilen duşuşyk türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň syýasy dialogyň güýçlenmegine goşant goşýandygyny bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäginde taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993