Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.
2 hepdelik dowam edýän okuw-önümçilik tejribeligi hem-de 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň Ýörite okuw merkezi tarapyndan degişli meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary we mugallymlary degişli ugurlar boýunça täze tehnologiýalary özleşdirmek, sanly tehnologiýalary we emeli aňy önümçilige ornaşdyrmak barada sapaklary geçerler.
Şeýle hem Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde okuwlaryň gurnalyşy, okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we kompaniýanyň önümçilik desgalary bilen ýakyndan tanşarlar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli we dostlukly hyzmatdaşlyk dowam edýär.
2024-nji ýylda bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we onuň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama baglaşyldy.
Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliginiň talyplar üçin uly ähmiýeti bolup, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly endikler bilen baýlaşdyrmaklaryna hem-de mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň öňdebaryjy dünýä tejribesini okuw işlerine yzygiderli ornaşdyrmaklaryna ýardam eder. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.