Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda iň ýokary derejede gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikler Belgiýanyň milli baýramyna bagyşlanan resmi çäreleriň çäklerinde bolup geçdi. Çärä patyşa maşgalasynyň wekilleri, şeýle hem parlamentiň we hökümetiň ýolbaşçylary gatnaşdy.
S.Pälwanow wise-premýer we daşary işler ministri Maksim Prewo, Wekiller palatasynyň spikeri Piter De Rower, Patyşanyň kabinetiniň ýolbaşçysy Wensan Usýo we premýer-ministriň diplomatik geňeşçisi, ilçi Tomas Lambert bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşyklaryň gün tertibinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip biljek ýokary derejeli gatnaşyklaryň gurnalmagy baradaky meseleler boldy.