Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy

Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy

Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen çäre Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ozon merkezi tarapyndan guraldy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (BMG HÜÇK) ýurdumyzdaky wekili goldaw berdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, şeýle hem sowadyjy we kondisioner ulgamlaryny gurnamak we hyzmat etmek bazarynda işleýän döwlet we hususy kärhanalaryň wekillerine ýurdumyzyň klimat gün tertibine gatnaşýan birnäçe taslama we meýilleşdirilen çäreler görkezildi.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, Kigali üýtgetmesi boýunça çäreler howanyň maýlamagynyň öňüni almakda öz goşandyny goşar. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi ozon gatlagyna hem-de howanyň üýtgemegine zyýansyz täze nesil sowadyjy serişdeleri ornaşdyrmaga geçýär. Bu çäreler enjamlaryň profilini döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary, gurluşyk kadalaryny, sowadyjy tehnikler üçin howpsuzlyk düzgünlerini ornaşdyrmak hem-de olaryň gaýtadan taýýarlanylyşyny üpjün etmek bilen baglydyr.

Duşuşykda Türkmenistanyň milli «ozon» kanunçylygyny hem-de global ylalaşyklary ýerine ýetirmekde zerurlyklary we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, maglumatlary ýygnamak möhletleri we bu ugurda indiki ädimler kesgitlenildi diýip, neşir ýazýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993