25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de netijeli özleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Aýratyn-da, bu ýerdäki önüm berýän gaz guýularynyň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany gaz guýularyndaky işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.