25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Ilçi öz wekilçilik edýän ýurdunda giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biridigini nygtady.
“Biz ähli derejede syýasy dialogyň has-da giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Astanada geçirilen ikinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygyna aýratyn ünsi çekdi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşy bolup durýar.
Ýangyç-energetika pudagy-da ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.
Şeýle hem Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň we Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny goldaýar.
Duşuşygyň barşynda diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.