«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýaş alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy-amaly seminarynyň döredilmegi ýaş alymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini, bilimlerini we ylym medeniýetlerini ýokarlandyrmaklyga, ýagny geologik-geofiziki barlaglary, geotehnologik meseleleri çözmekligi ugur edinýän innowasion tehnologiýalara erk etmeklige, gaz ýataklaryny özleşdirmeklige, tebigy gazy akdyrmak we gaýtadan işlemeklige, gaz pudagynyň ykdysady we ekologik meselelerini ara alyp maslahatlaşmaklyga we olary önümçilige ornaşdyrmaklyga gönükdirilendir.
Institutymyzda geçirilen nobatdaky ýaş alymlaryň we hünärmenleriň ylmy-amaly seminarynyň iş meýilnamasyna laýyklykda, ýaş hünärmenler institutyň önümçilik geologiýasy bölüminiň gatlak fizikasy laboratoriýasynda guýularyň geologik kesiminden galdyrylan kern nusgalaryny giňişleýin derňew etmegiň laborator usullary bilen geolog-alymlarymyz hem-de laboratoriýanyň tejribeli hünärmenleri Hanmuhammet Nurmuhammedow hem-de Andreý Blinow tarapyndan giňden tanyşdyryldy. Nusgalaryň litologiýa-petrografik häsiýetlerini kesgitlemek ýaly usulyýetleriň we olary ölçeýji enjamlaryň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem laboratoriýa tarapyndan ýerine ýetirilýän «Amyderýa gaznebitli ulgamynyň meýdançalaryndaky gözleg-barlag guýularyndan alnan kern nusgalyklarynyň litologik-petrofiziki maglumatlaryny sanly ulgama geçirmek» atly temanyň ýerine ýetirilişi, degişli ülkelerde burawlanan gözleg-barlag guýularynyň litologo-petrografik we sygym-süzüjilik maglumatlarynyň «JavaScript» döwrebap programma üpjünçiliklerini ulanmak arkaly alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşdyryldy.