30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.
Saparyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Döwlet Baştutany wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardan, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza beýleki döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, parlamentleriň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Döwlet Baştutany öňde boljak halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine baryp gördi.
Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
Soňra döwlet Baştutany Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.