Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow metbugat ýygnagynda russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Hazar meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny, olara sebitiň döwletleriniň iň gysga wagtda seredip başlajakdygyny mälim etdi diýip, TASS habar berýär.
Diplomatyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Aşgabat bilen Moskwa sebitleýin formatlary berkitmek üçin ähli tagallalary edýär.
«Merkezi Aziýa + Russiýa» – şu ýylyň oktýabr aýynda Täjigistanda geçiriljek ýolbaşçylarymyzyň nobatdaky, ikinji sammitine taýýarlyk görýäris. Biz häzirki wagtda Hazar meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Bu ýerde meseleler bar we olara Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy goňşulary bilen bilelikde iň gysga wagtda sereder» diýip, Raşid Meredow RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşikleriniň netijesi boýunça aýtdy.