«Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýyl başyndan bäri 2 million 805 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi. Şeýlelikde, bu görkeziji boýunça meýilnama 100,6 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmen nebitçileri tarapyndan çykarylýan nebit TNGIZT-de ýokary derejede gaýtadan işlenilýär. Kärhana dünýä hil ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli nebit önümleriniň we nebithimiýa önümleriniň giň görnüşlerini öndürýär. Olaryň hatarynda: awtomobil benzinleri, dizel ýangyjy, awiasion we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dürli görnüşli çalgy ýaglary, polipropilen, şeýle-de mazut, nebit ýol we gurluşyk bitumy, nebit koksy we beýlekiler bar.
TNGIZT-niň zähmet topary önümçiligiň depginini ýokarlandyryp, netijeli işini dowam etdirýär.