Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň sekiz aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijelerine seredildi

Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň sekiz aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijelerine seredildi

29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmakda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda oňyn netijeler gazanylýar.

Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993