Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk dowam eder we ösdüriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň öň ýanynda “Ženmin Žibao” gazetinde makalasynda beýan etdi.
“Energetika pudagynda bilelikde gazanan has uly üstünliklerimiziň hatarynda 2009-njy ýylda işe girizilen, biziň kanuny ýagdaýda «Türkmenistan — Hytaý» strategik gaz geçirijisi diýip atlandyrýan gaz geçirijimizi görkezmek bolar” diýip, döwlet Baştutany belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu özboluşly inženerçilik desgasynyň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-isleginiň, batyrgaý hereketleriniň netijesidigini, ikitaraplaýyn mümkinçilikleriň we şertleriň beýanydygyny belleýär. Hakykatda, bu gaz geçiriji diňe türkmen tebigy gazynyň uly möçberini Hytaýa eltmegiň serişdesi bolman, eýsem, yklymda energiýa howpsuzlygy ulgamynyň adalatly, özara bähbitli we durnukly düzümini döretmegiň hem aýdyň mysalydyr.
“Biz bu ugurda bitirilen işlere guwanyp bileris. Onuň netijeleri Türkmenistanyň we Hytaýyň, şeýle-de üstaşyr geçirýän ýurtlaryň ykdysadyýetiniň, Ýewraziýanyň energetika giňişliginde ähli özara gatnaşyklar ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi.
Türkmenistanyň we Hytaýyň bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy dowam etdiriler hem-de ösdüriler. Bu hyzmatdaşlyk ykdysady taýdan esaslydygyny, uzak möhletli, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýändigini subut etdi” diýip, makalada bellenilýär.
“Türkmenistanyň we Hytaýyň ykdysadyýetde, ilkinji nobatda, energetika, ulag ulgamlaryndaky strategik hyzmatdaşlygynyň barşyna hem-de geljegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Biziň bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklerimiziň bardygyna ynanýaryn. Olary peýdalanmak eýýäm örän gowy netijeleri berýär, tutuş yklymyň geoykdysady ýagdaýyna düýpli we oňyn täsir edýär” diýip, döwlet Baştutany belleýär.