Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG ýurtlary bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG ýurtlary bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi

1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

“ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak “ŞHG+” formatynyň esasy maksady bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG+ sammitinde eden çykyşynda, ýurdumyzyň ŞHG bilen gatnaşyklarynyň kesgitleýji ugurlaryny beýan etdi. Olaryň arasynda ykdysadyýetiň dürli ugurlary görkezildi.

Serdar Berdimuhammedow möhüm ugurlar hökmünde ulag we logistika, aragatnaşyk, energetika, söwda hem-de önümçilik kooperasiýasyny aýratyn belledi.

Hususan-da, döwlet Baştutany ŞHG ýurtlary bilen energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýarlyk barada beýan etdi.

Energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Biz häzirki wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyrys. Umuman, elektroenergetika pudagyna ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993