Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda ulag ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çagyrdy.
“Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys” diýip, döwlet Baştutany belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy metbugatda çap edildi.
“Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, Türkmenistanyň we ŞHG-niň obýektiw artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady” – diýip Serdar Berdimuhamdow belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu babatda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn belledi. Biz gurama hökmünde ŞHG-niň hem-de Türkmenistanyň bu ugurda bähbitleriniň gabat gelýändiginden, onuň özara gabat gelmegiň ýokary derejesine eýediginden ugur alýarys. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy wezipämiz diýip hasaplaýaryn.
Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna doly derejede çykmak, Ýewraziýa geoykdysady giňişliginde uzak möhletli we güýçli ornumyzy pugtalandyrmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde garaýarys. Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.