Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Aşgabatdaky halkara foruma çagyrdy

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Aşgabatdaky halkara foruma çagyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy diýip, TDH habar berýär.

Bu barada Pekinde Türkmenistanyň HHR-iň Liderleriniň duşuşygynyň barşynda beýan edildi. HHR-iň Başlygynyň “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar.

2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan üstünliklerine ýurdumyzda guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň beýan eden tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993