Türkmenistanyň Prezidenti zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny, şeýle hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Konsepsiýada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Kararyň taslamasyny anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, onda ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleri öwrenmek meýilleşdirilýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993