Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2025-e gatnaşyjylary hasaba almaklyk tamamlanýar

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2025-e gatnaşyjylary hasaba almaklyk tamamlanýar

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – 2025-e gatnaşyjylary hasaba almagyň soňky güni boldy. Forum 18–19-njy sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Garaşylýan halkara derejeli forum dünýäniň dürli künjeginden işewürlik ýolbaşçylaryny, maýadarlaryny we bilermenleri birleşdirer. Ol “Awaza” sport toplumynyň konferensiýa merkezinde geçiriler. Şeýlelikde, işewürlik maksatnamasyna gatnaşmak bilen bir wagtda Hazar deňziniň kenarynda güýzüň ýumşak möwsüminde dynç almak mümkinçiligi hem bolar.

Häzirki wagta çenli 45 ýurtdan 500-den gowrak wekiller hasaba alyndy. Halkara çykyşçylaryň 100-den gowragy meýilleşdirildi.

Foruma 20-den gowrak resmi hemaýatkär we hyzmatdaş goldaw berýär. 10 sergi diwarlygynda esasy taslamalar we başlangyçlar görkeziler.

Türkmenistanda ilkinji gezek foruma gatnaşyjylar üçin ýörite TIF 2025 Attendee Hub atly ykjam goşundysy taýýarlanyldy. Ol şahsy gollanma bolup, iň soňky täzelikler we bildirişler bilen tanyşmaga, doly maksatnamany öwrenmäge we şahsy tertibi düzmäge, şeýle hem wekiller, maýadarlar we bilermenler bilen ygtybarly sanly gurşawda aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Turkmen Congress kompaniýasynyň goldawy bilen guralýan Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2025, ykdysady ösüşiň strategik ugurlary we halkara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup durýar.

Foruma degişli giňişleýin maglumatlary guramaçylaryň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz: www.tif-turkmenistan.com

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993