Türkmenistanyň Prezidenti täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag iberdi diýip, TDH habar berýär.

“Sizi täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip, gutlagda aýdylýar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, güneşli Diýarymyzdaky şanly wakalar dünýä bileleşigi tarapyndan parahatçylygyň, abadançylygyň, agzybirligiň mekany diýlip ykrar edilen ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň ýolunda täze sepgitlere ýetýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa şöhratly geçmişi bolan, täze eýýamly, röwşen geljekli bagtyýar halkymyzyň eziz Watanymyzyň bähbitlerine çekýän döredijilikli zähmetiniň guwandyryjy netijeleri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz siziň bilen ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşany bolan täze binalar toplumyny ulanmaga berýäris. 

Täze şäherçede 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary guruldy.

Bu desgalaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýan türkmen telekeçileri tarapyndan gurulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Watanymyzyň öndürijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça tutumly işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993