HNGU Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

HNGU Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Diplomat rektory täze wezipä bellenmegi bilen gyzgyn gutlady we onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ilçi Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen uniwersitetiň arasyndaky däp bolan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini belläp, bilim, ylym we medeni ugurlardaky bilelikdäki başlangyçlaryň baý tejribesini nygtap geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekmek meselesine, şeýle hem iki ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki toparlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkemegine itergi berjek uniwersitetleriň rektory derejesinde ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Öz gezeginde rektor bilelikdäki akademiki we medeni taslamalary ösdürmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly başlangyçlary işjeň goldamaga hemişe taýýardygyny beýan etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993