Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Döwlet baýdagy Ýewropanyň iň beýik nokady hasaplanýan Elbrus belentligine galdyryldy. Baýdagy «Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Elbrusyň günbatar we gündogar depelerine galdyrdylar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.
Günbatar (5642 m) we Gündogar (5621 m) depeleriň arasynda eýer görnüşli gerşi (5416) ýerleşýär. Bu ýer Kawkazyň iň ýokary dag gerşi hökmünde tanalýar. Iki depesi ýylyň dört paslynda hem gar bilen örtülendir. Şonuň üçin takmynan bir million ýyl mundan ozal emele gelen bu gadymy ukuda ýatan wulkan halk arasynda «çal» Elbrus ady bilen tanalýar. Bu iki depe Elbrus dagynyň nyşanydyr.
Türkmenistanda «Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň topary öz işini «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» we «Dragon Oil» (Türkmenistan) Ltd. (Birleşik Arap Emirlikleri) kompaniýalary bilen uzak möhletli şertnamalaryň esasynda alyp barýarlar. Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeler hakynda» Kanunyna we önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, Holding «Blok-1» we «Çeleken» şertnamalaýyn meýdançalarynyň deňiz ýataklarynda geofiziki hem-de inžener-geologik gözleg işlerini üstünlikli amala aşyrýar.