13-nji sentýabrda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Döwrebap seýilgäh ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berildi. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, bagtyýar körpe nesiller gatnaşdylar.
Täze seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller, dürli baglar ajaýyp sazlaşygy döredýär.
Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary we beýleki gözellikler ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.