17-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Taraplar Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagatlarynda üstünlikli alyp barýan işleri barada pikir alyşdylar hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellediler. Hususan-da, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşylandygy bellenildi.
Arkadag şäherinde döwrebap medisina klasterini gurmak boýunça koreý kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine hem aýratyn üns berildi.