Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

18-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy diýip, Türkmenistan halkara habarlar portaly habar berýär.

Giň gerimli sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki üstünlikleri görkezmegi we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýär. Sergide Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň esasyny düzýän dürli pudaklar öz ornuny tapdy. Oňa esasy ministrlikler, edara-kärhanalar, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdy.

Myhmanlar energetika, nebitgaz we nebithimiýa senagaty, dokma pudagy, halyçylyk, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem oba hojalygy, gaýtadan işleýiş we azyk senagaty, saglygy goraýyş, bilim, sport we syýahatçylyk pudaklarynda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berildi.

Sergi ýurdumyzyň däp bolan pudaklarynyň, hem-de innowasion ugurlarynyň çalt ösüşini aýdyň görkezýär. Çäre ýerli öndürijiler bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda gepleşikler geçirmek, täze şertnamalar baglaşmak we işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, sergi dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ykdysady ösüş mümkinçiliklerini görkezmegi we ýurdumyzy ynamdar, işjeň ösüş ýolundaky hyzmatdaş hökmünde tanatmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993