Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisinde nebitgaz toplumy giňden hödürlenildi

Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisinde nebitgaz toplumy giňden hödürlenildi

18-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda açylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklary, şol sanda nebitgaz pudagy giňden görkezilýär.

Serginiň diwarlyklary döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işleri giňişleýin şöhlelendirýär. Bu ýerde aýratyn orny nebitgaz pudagy eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ätiýaçlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri hökmünde nebitgaz senagatynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Häzirki sergide ýurdumyzda bu ugurda gazanylan üstünlikler giňden görkezilýär. “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň we gaýtadan işlenilmeginiň ösüş dinamikasy, şeýle hem öndürilýän önümleriň nusgalary görkezilýär.

Her ýyl Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, giň gerimde amala aşyrylýan jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni-ynsanperwer özgertmeleri beýan edýär.

20-nji sentýabrda tamamlanjak sergi Türkmenistanyň mümkinçiliklerini we onuň durnukly, innowasion hem-de ekologiýa taýdan arassa geljege bolan ymtylmalaryny dünýä jemgyýetçiligine görkezmekde möhüm tapgyr bolup durýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993