Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.
“Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir we Siz onuň ösdürilmegine uly goşant goşýarsyňyz” diýlip, 22-nji sentýabrda TDH-da çap edilen gutlagda aýdylýar.
“Biz dostlukly halklarymyzyň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara meseleler boýunça bilelikdäki işimizi dowam etdireris” diýip, W.Putin belleýär.
Hatynyň ahyrynda RF-niň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw edýär.