Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny nygtady

Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny nygtady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap ýazan hatynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny beýan etdi.

“Hormatly jenap Prezident! Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir” diýlip, 22-nji sentýabrda çap edilen hatda aýdylýar.

Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ikinji  jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparyny ýatlady.

“Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdyk hem-de ylalaşyklary gazandyk. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasynda däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitledi” diýlip, hatda bellenilýär.

Si Szinpin hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýändigini hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny belledi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993