Türkmenistan Merkezi Aziýada Koreýa Respublikasynyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar - Li Çže Mýon

Türkmenistan Merkezi Aziýada Koreýa Respublikasynyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar - Li Çže Mýon

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlag hat iberdi diýip, TDH habar berýär.

“1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri Koreýa Respublikasy we Türkmenistan dürli ulgamlarda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýärler. 2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandan soňra, hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldi we çuňlaşdyryldy” diýlip, 22-nji sentýabrda TDH-da çap edilen hatda aýdylýar.

Li Çže Mýon Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň geljegi nazarlap, has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

“Şeýle hem Size Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere goşant goşmaga gyzyklanma bildirýän koreý kompaniýalaryna goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk sözlerini beýan edýärin.

Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda Koreýa Respublikasynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa” sammitiniň çäklerinde Siziň bilen duşuşmak hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin” diýlip hatda aýdylýar.

Pursatdan peýdalanyp, Li Çže Mýon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlaryny we mähirli salamymyny ýetirmegi haýyş etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993