Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar

22-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, maýa goýum we tehnologik ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýän Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ähmiýeti hem bellenip geçildi.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993