Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

24-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşler söwda, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Maliýe ulgamy, derman senagaty, “ýaşyl” energetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan hem, Şweýsariýa hem bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu aýratynlyk halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Karin Keller-Zutteri bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara dialogy berkitmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993