25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda korporasiýa tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde, gözleg-barlag guýularyny burawlamakda döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryny ýüze çykarmak, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow nebitiň we tebigy gazyň gözlegi boýunça geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.