25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 225 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Permana gol çekip, B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.