Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Myhman Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 34 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümet Başlygy Mihail Mişustiniň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň Baştutanynyň saýlawlardan soňra sapar amala aşyran ilkinji ýurdunyň Türkmenistan bolmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Rustam Minnihanowdan Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Nygtalyşy ýaly, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň alyp barýan işiniň möhüm orny bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Iki ýurduň ylym, bilim, medeniýet işgärleri, wekiliýetleri Türkmenistanda hem-de Tatarystanda geçirilýän iri halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalaryny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanowyň şu gezekki saparynyň türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993