TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara binýatlyk ýag ýerlenildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara binýatlyk ýag ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň hem-de Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, pagta süýümi, arassalanan pagta ýüplüginiň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 413 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 604 müň 500 manada deň bolan binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993