Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 9 aýynyň netijeleri jemlenildi

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 9 aýynyň netijeleri jemlenildi

3-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek babatda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim boldy.

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 103,1 göterim berjaý edildi.

Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň wajypdygyny belledi. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagy dowam etdirmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemegi yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993