Ylmy-amaly maslahat

Ylmy-amaly maslahat

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata pudagyň ylmy işgärleri, ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Maslahatda, ilki bilen, YBTGI-niň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary Rahmetnur Aýmämmedow, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjow giriş sözi bilen çykyş edip, ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde nebitgaz toplumynyň ösdürilişi, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz senagatynyň önümçiliginde ylmyň wajyp orny, ýakynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler barada durup geçdiler.

Soňra YBTGI-niň bölüm başlyklary, laboratoriýa we sektor müdirleri, ylmy işgärleri çykyş etdiler. Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ylmy işgärleri Jennet Jumahanowa, Gurbangül Nyýazowa, Güljemal Mämmedowa, Hatyja Çopanowa, Adyl Hamedow, Läle Ataýewa dagynyň, hususan-da, üňüz gazly sebitiň çäklerinde uglewodorod toplanmalaryny gözlemegiň geologiýa-geofiziki esaslandyrmasy, Gögerendag — Ekerem zolagynda ýerleşýän Günorta Gamyşlyja we Nebitlije känleriniň gurluşara eňňidinde gazylmagy teklip edilen 01-nji nebit guýusyny esaslandyrmak, ugurdaş gatlak suwlaryny gaýtadan işlemegiň we arassalamagyň usullary, Hazarly meýdançasynyň geologik gurluşyny öwrenmek, ýura çökündilerinde gazkondensat ýataklaryny gözlemek, nebit galyndylary, olary ulanmagyň ýa-da ýerlemegiň mümkinçilikleri, guýulary özleşdirmekde ulanylýan üst-işjeň maddalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, suwlanan guýulary ulanmagyň usullary barada alyp barýan barlag, seljeriş işlerinden çykyşlar diňlenildi we pikir alşyldy.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda guramaçylar tarapyndan üstünlikli zähmet çekýän işgärlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993